img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasy

photo

Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna 2017 ýylyň 7 dekabrynda girizildi. Bu çözgüt  Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara Komitetiň Koreýa Respublikasynyň Jeju şäherinde 2017 ýylyň 4-9 dekabrynda geçirilen 12-nji mejlisinde kabul edildi.

Häzirki wagta çenli agzalan sanawda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň jemi 399-sy bar. Olaryň hatarynda Görogly dessançylyk sungaty, Nowruz we Küştdepdi aýdym we tans dessury hem bar.

Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawy 2006 ýylyň 20 aprelinde güýje giren Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýa esasynda döredilýär. Turkmenistan bu Konwensiýany 2011 ýylda tassyklady we şondan bäri ony işjeň durmuşa geçirýär.