SEBIT EKOLOGIÝA MERKEZI SUW SERIŞDELRINI DOLANDYRMAK ÝÖRELGESINE BAGYŞLANAN SEMINARY GEÇIRDI

Aşgabatda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geçirildi. Çäre Araly halas ediş halkara gaznasyna (AHEHG-a) ýurdumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy.

Duşuşyga Mejlisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň hünärmenleri, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, dürli ekologiýa taslamalarynyň, TTGJ we „Tebigy kuwwat“, tebigaty goramak jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, AHEHG-nyň DÖDT-y, BMG-nyň ÖM-ny, GIZ ýaly tebigy serişdeleri goramak we olardan rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bolan halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly seminar suwdan peýdalanmak ulgamynda işleýän ýerli hünärmenleri derýalary basseýn usulynda dolandyrmagyň halkara usuly we sebit tejribesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen gurnaldy. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM-iň) suw başlangyçlary maksatnamasynyň bilermenleri R.Isahojaýew bilen I.Petrakow bu ugurda Gazagystanda toplan tejribe barada gürrüň berdiler.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň wekili B.Mämmedow howanyň üýtgemeginiň eýýäm şu wagt gurak sebitlere täsir edýändigini, olaryň ykdysadyýetiň ösüşini süýji suwuň ählumumy ýetmezçiligi şertlerine uýgunlaşdyrmaly boljakdygyny belledi. Şunda taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup, olary amal etmek, suw hyzmatdaşlygyny özara ynanyşmak esasynda gurmak wajyp wezipedir. Seminar ýakyn ýyllarda türkmen hünärmenleriniň çözmeli boljak wezipelerini kesgitledi.