TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY, MALIÝE WE BANK PUDAKLARY

2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň görkezijisi 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1 – göterime, söwdada 14,2 – göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 – göterime barabar boldy. Bu görkezijiler Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ykdysady pudaklarynda alnyp barylýan möhüm işleri tassyklaýar. Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank pudaklarynda edilen işleriň netijeleri barada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite neşirde aýdyň şöhlelendirilendir. 

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň ösüşine uly üns berýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Türkmenistanyň Merkezi banky we olaryň düzüm bölekleri ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýokarda agzalan neşirde bu alyp barýan işleri, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşine möhüm goşant goşýan birnäçe ähmiýetli düzümler barada aýdylyp geçilýär.

 

Bu neşirde bellenip geçilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge we raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasy we onuň abraýly edaralary we düzüm birlikleri (Halkara zähmet guramasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we başgalar) bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Ýokary hilli maglumat toplumyna elýeterliligi giňeltmek» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy kabul edildi.

 

Şeýle hem neşirde Türkmenistanyň bank ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011–2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenendigi barada nygtalyp geçilýär.