ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI

Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresi ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ädimdir.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mümkinçiligini has doly amala aşyrmaga gabat gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmak üçin hemme şertler döredilendir.

Ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn görnüşdäki hem-de iri halkara düzümleriň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklar türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň oňat geljeginiň bardygyny tassyklaýar.

Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň duşuşygynda ynsanperwer ugurda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, dostlukly halklaryň milli mirasyny öwrenmek maksady bilen, medeni alyşmalary hem-de ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Şunda iki ýurduň alymlarynyň, hünärmenleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda yzygiderli esasda halkara çäreleri geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen bolan duşuşykda, esasan, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada gürrüň edildi.

Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylara iki ýurduň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu wakanyň ähmiýetini bellemek bilen, ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň köptaraply hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Ýygnananlar ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine, türkmen hem-de ermeni halklarynyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine gönükdirip alyp barýan syýasaty üçin iki döwletiň Liderlerine hoşallyk bildirdiler.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Ýerewanyň Döwlet horunyň konserti boldy. Olaryň çykyşynyň maksatnamasyna ermeni we dünýä genji-hazynasynyň nusgawy saz eserleri girdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şunuň ýaly döredijilik çäreleriniň geçirilmegi ruhy taýdan ýakynlaşmaga, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň hem-de dostlugyň çuňlaşmagyna, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň köpdürlüligi bilen tanyşmaga hyzmat edýär.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ermenistanyň milli galereýasynyň sergisi, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bolsa Terýan medeni merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşyk, şeýle hem ermeni režissýorlarynyň kinofilmleriniň görkezilişi bolar.