MARY WELAÝATY PAGTA TAÝÝARLAMAK BARADAKY BORÇNAMASYNY ÝERINE ÝETIRDI

Şu gün bu ýerde sebitiň pagtaçylarynyň şöhratly zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Olar ilkinjileriň hatarynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada hasabat berdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlete 313 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar.

Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, mehanizatorlaryna, ýygymçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine şanly waka mynasybetli iberen Gutlagyny uly joşgun bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň hem-de agrotehnikanyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzda döredilen azyk bolçulygyny has-da berkitmäge hem-de özümizde öndürilýän dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.

Berkarar Watanymyzda oba zähmetkeşleriniň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin hemme zerur şertler döredilýär, daýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Munuň özi daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine we üstünliklere galkyndyrýar. Mary welaýatynyň pagtaçylarynyň bu üstünligi bolsa «ak altynyň» ýokary hasylyny almagy başarýan hemme ussatlaryň, kärendeçileriň, hususy öndürijileriň, mehanizatorlaryň, suw hojalygy işgärleriniň agzybirlikli we joşgunly zähmetiniň netijesinde, şu ýyl bellenen belent sepgide ýeten ähli oba zähmetkeşleriniň abraýyny artdyrýar.

Mary welaýatynyň pagta meýdanlarynda ýygym möwsümi başdan ýokary depgine eýe boldy. Oňa gatnaşanlar ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli güýçlerini sarp edip, zähmet çekdiler. Gowaçanyň ýapragyny düşürmek işiniň has oňaýly agrotehniki möhletde geçirilmegi, gymmatly çig malyň mehanizmler arkaly netijeli ýygnalyp alynmagyny üpjün etdi. Bu işlerde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlary işledildi.

Şu ýyl Ýolöten, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň ekerançylary möwsümiň öňdebaryjylary boldular. Soňra welaýatyň beýleki hojalyklarynyň pagtaçylary ýeňişli tapgyry dowam etdiler.

Şu günki dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de mundan beýläk-de ähli yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekip, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.