RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Okt

RESMI HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýew Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.   * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bezirgen Sähedowiç Berdiýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI АSPАК SEBIT TOPARYNYŇ MEJLISINDE ÇYKYŞ ETDI

Şu gün ÝuNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş ummany toparynyň (АSPАК) onlaýn görnüşde geçirilen umumy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Şöhrat Jumaýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmek temasyndan çykyş etdi. Mejlise ÝuNESKO-nyň Baş direktorynyň ylym boýunça orunbasary hanym Şamila Nair-Bedual we АSPАК toparyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylary h...

DOWAMY
21 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ýo...

DOWAMY
21 Okt

AŞGABATDA «BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR BAŞLADY

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady. Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günor...

DOWAMY
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA WE BMG-NIŇ 75 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde diplomatlaryň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sport ýaryşlary başlandy. Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçýär. Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekill...

DOWAMY
20 Okt

MERKEZI AZIÝA SEBITINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MAKSATNAMASYNYŇ (CAREC) ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy geçirildi. Çärä CAREC-e gatnaşyjy-ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Aziýa Ösüş Bankynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, CAREC maksatnamasynyň milli utgaşdyryjysy M.Serdarow ýolbaşçylyk etdi....

DOWAMY
20 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY - TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ AÝRYLMAZ BOLEGIDIR»

Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir.  Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär.  Bu ýerde dünýänyň köp ýurdunyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleri utgaşýandyr.  Muňa göz ýetirmek bilen, Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýrat...

DOWAMY