TÜRKMEN ALYMLARYNYŇ IŞLÄP TAÝÝARLAMALARY: POLAT BERKLIGI, HILI ÝOKARLANDYRYLAN BITUM WE SEMENT ... BRIKETLENEN ÝÜZÄRLIK

Mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologik esaslaryny işläp taýýarlamak – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleriniň ylmy barlaglarynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň kärhanalary bilen hojalyk-şertnama şertlerinde hyzmatdaşlyk edýän institutyň laboratoriýalary innowasion çözgütleri teklip edýärler.

Ferrosilisiý-41 – ýerli çig maldan alnan ergin

«Himiýa önümçiliginiň tehnologiýalary» laboratoriýasynyň işgärleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilýän poladyň berkligini ýokarlandyrmak üçin himiki garyndynyň ýasalyş tärini işläp taýýarladylar. «Türkmendemirönümleri» zawodynda ýerli çig maldan synag ýoly bilen kremniý-demir ergini - ferrosilisiý alyndy.

Synaglar erginiň has berkligini görkezdi. Hünärmenler ony şeýle hem poladyň ressor-pružin, çüýremäge we yssa durnukly dürli görnüşleriniň önümçilginde berkidiji hem legirleýji goşundy hökmünde ulanyp bolar diýip pikir edýärler.

Himiýa institutynyň laboratoriýasynyň işgärleri ferrosilisini taýýarlamak üçin ýerli çig maly: Kaka etrabyndaky «Mäne» käninden kwars çägesini, Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan taplanan koks we grafit, metallurgiýa kärhanasyndan – demir gyryndysyny we köýük ulandylar.

-Biz özüne düşýän gymmaty pes, talap edilýän fiziki-himiki sypatlara eýe bolan material aldyk – diýip laboratoriýanyň uly ylmy işgäri G. Amannazarow gürrüň berýär. – Türkmen ferrosilisisini metal guýýan we metallurgiýa senagatynda onuň gymmat bahaly daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň ornuna ulanyp bolar. Häzirki wagtda laboratoriýanyň işgärleri goşundynyň düzüminde kremniniň paýyny artdyrmagyň üstünde işleýärler, ol poladyň berkligini has-da güýçlendirer.

Ýol bitumynyň hilini gowulandyrmagyň ygtybarly usuly

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda TYA-nyň Himiýa institutynyň işläp taýýarlamasy bilen tanyşdyrylyş boldy. Hünärmenlere «Himiýa önümçiliginiň tehnologiýalary» laboratoriýasynda synag edilen, düzüminde parafin köp bolan nebitden alynýan ýol bitumynyň sypatlaryny ýokarlandyrýan usul görkezildi.

Şu kysmy çig maldan ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän nebit bitumyny almak çylşyrymly iş. Düzüminde parafin köp bolan nebitden ýokary hilli berkidiji material almak üçin täze tehnologik tilsimleri synag etmeli boldy. Bu tema üns berilmegi ulag akymlarynyň artmagy sebäpli awtomobil ýollarynyň ulanylyş sypatlaryna talaplaryň ýokarlanmagy bilen jebis baglanşyklydyr.

Institutyň işgärleri inert gazly sredada gudrony saplama arkaly ýol bitumyny almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Laboratoriýa enjamynda synagyň netijesinde berkligi, howanyň üýtgemegine durnuklylygy, portlygy, maýyşgaklygy babatda degişli talaplara laýyk gelýän bitum alyndy.

Gudrony gaýtadan işlemekden galýan parafinler we ýaglar hem nebti gaýtadan işlemegiň beýleki önümlerini çykarmakda çig mal hökmünde ulanylyp bilner. Zawodyň hünärmenleri alymlaryň teklip eden tehnologiýasyny ýakyn ýyllarda kärhanany ösdürmegiň konsepsiýasyna goşdular.

Bazaltly goşundylar sement çykarmagyň möçberini artdyrdy we oňa çykdajylary azaltdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty R. Nurberdiýewiň işläp taýýarlan işjeň mineral goşundylarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda sement öndürilişini 20 göterim artdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugy alymyň işini oýlap tapyş diýip ykrar etdi we oňa patent berdi.

Alymyň teklibi bilen önümçilikçiler klinker we gips garyndysyna Balkan welaýatynyň «Ufra» käninden alynýan ýerli çig mal – owradylan bazalt porfiritini goşup ugradylar. Munuň özi diňe bir bu gurluşyk materialynyň öndürilişini artdyrman, eýsem onuň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem çig mala, elektrik energiýasyna, gaza çykdajylaryny hem azaltmaga mümkinçilik berdi. Howa goýberilýän zyýanly galyndylar hem azaldy.

Mineral goşundylar synagdan geçirilen Lebabyň sement zawodyna 400-G20-K belgili semente hil sertifikaty berildi. Häzirki wagtda önümçiliklçiler we alymlar 500-G20-K belgili sement çykarmak babatda iş alyp barýarlar.

Briketlenen ýüzärlik

Himiýaçy alymlar guradylan ýüzärlikden briketleri taýýarlamagyň usulyny işläp taýýarladylar.Ýüzärligiň baldagynda we ýapragynda alkaloidleriň ençemesi – güýçli bejeriş häsiýetli fiziologik taýdan has işjeň çylşyrymly birleşmeler bar.

Briket almak üçin owradylan, suwda çyglandyrylan oty birmeňzeş şihta bolýança garýarlar, soňra ony belli bir gyzgynlykda we basyşda briketleýärler. Briketler sowandan soň guradyş kameralarynda 90 gradusa çenli gyzdyrylýar. Iki sagatdan dermanlyk çig mal taýýar bolýar.