TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZDA IŞLEÝÄN HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanda işleýän  düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen golaýda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşligine aýratyn üns berildi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş Sekretary hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derswaýys meseleleri, hususan-da koronawirus pandemiýasy bilen bagly bolan dünýädäki durmuş we ykdysady ýagdaýlar dogrusynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda taraplar bilelikdäki hereketleriň pugtalandyrylmagy arkaly özaragatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýlelikde, türkmen tarapy wezipeleriň çözgüdi babatynda özünde bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri bermäge taýýardyr hem-de BMG-niň howandarlygy astynda Milli meýilnamanyň işlenilip düzülmeginiň üstünde işleri alyp barýandyr.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Ministr Döwlet baştutanymyz tarapyndan ählumumy abadançylygyň hatyrasyna öňe sürlen maksatlaryň durmuşa geçirilmegi babatynda Türkmenistanda hereket edýän BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurlygyny nygtady.  

BMG-niň Aşgabatdaky wekilleri Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan hereketlerine, şeýle-de ýurduň açyklygyna hem-de onuň saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy, ulag ulgamlarynda halkara gurallarynyň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn ygrarlylygyna ýokary baha berdiler. Bu telefon arkaly söhbetdeşligiň Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky dostluk, birek-birege ynanyşmak we özaradüşünişmek ýörelgeleriniň mizemez subutnamasy bolup durýandygy aýratyn bellenilip geçildi. 

Türkmenistanyň BMG-niň işjeň agzasy bolmak bilen, halkara hyzmatdaşlary bilen birlikde mundan beýläk hem häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy netijeli çözgütleri we çemeleşmeleri gözlemek maksatlarynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etjekdigi aýratyn nygtalyp geçildi.