TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇIHANASY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY OKUW MASLAHAT GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Tokio uniwersiteti bilen bilelikde wideo aragatnaşyk arkaly “Bitarap Türkmenistan: Parahatçylygyň we rowaçlygyň girewidir” atly ylmy okuw maslahaty geçirdi.

Bu çärä Tokio uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JIСА) wekilleri, ylmy guramalarynyň we bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň, Tokio uniwersitetiniň professorlaryň, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň çykyşlary diňlenildi we sorag-jogap alyşyldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, onuň dünýä jemgyýetinde tutýan omy we ähmiýeti, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýaly möhüm ugurlary barada beýan edildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, Bitaraplygyň beren miweleri hakynda tanyşdyrýan wideo şekiller görkezildi.