Ankara şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «ТRТ» teleradiokompaniýasy bilelikde Ankara şäheriniň Etnografiýa muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli widerolik hem-de TRT Awaz kanaly tarapyndan taýýarlanan “Ahalteke bedewi” atly dokumental filmi görkezildi.

Bu medeni çärä Ilçihananyň wekilleri, kinofilmi taýýarlan toparyň agzalary, TRT-niň ýolbaşçylary, sungat işgärleri we taryhçylar, atçylyk we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, Etnografiýa muzeýiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, ýerli raýatlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda “Ahalteke bedewi” atly dokumental filme tomaşa edildi. Dokumental film tamamlanandan soňra filmiň düşirilişi we onuň köpçüligiň aňynda galdyran oňyn täsirleri barada gürrüňler edildi. Filmi surata düşüren wekiller ýurdumyzyň ajaýyp Ahalteke bedewiniň dünýä tanadylmagynda beren ýardamlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.