Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Bu halkara kompaniýalar toparynyň merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.

Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy nebitgaz pudagynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere ýokary baha berip, uglewodorodlaryň ägirt uly tebigy gorlaryna eýe bolan türkmen döwletiniň dünýäde energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolandygyny belledi.

Işewür Türkmenistanyň «ARETI» kompaniýasynyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, hormatly Prezidentimize işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde berilýän goldaw hem-de ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dünýäniň işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz milli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň barşynda önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna ähmiýetli ornuň berilýändigini aýdyp, köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işlemekde üstünlikli tejribe toplan «ARETI» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Işewür döwlet Baştutanymyza dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Bu taslama bolan gyzyklanma daşary ýurtly işewürler üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de onuň ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.

Bellenilişi ýaly, energiýa serişdelerini daşary ýurt bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek babatda ýurdumyzda başy başlanan we amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar sebit üçin diňe ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmakda halkara tagallalary artdyrmak boýunça hem uly orun eýeleýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşykda, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, elektroenergetika ulgamynda, oba hojalygynda ýolgörkeziji hem-de Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara we sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa kadalaryny üpjün etmek hem-de ähli işleri şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleriň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Işewür kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine kömek etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, «ARETI» geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşer.

Şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi, şol sanda Diýarymyzda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda iri halkara ýaryşlary ýokary derejede guramak, ussat türgenleri taýýarlamak, şol sanda ähli ölçegler boýunça dünýä ülňülerine kybap gelýän köpugurly düzümi döretmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi — düzüminde ajaýyp welotrek bolan döwrebap sport desgalarynyň iri toplumy munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň ahyrynda anyk netijeleri ugur edinýän özara bähbitleri nazara almak bilen guralýan däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.