Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygynda Ýaponiýanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler düzümleriniň wekilleriniň uly topary türkmen paýtagtyna geldi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan esasy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. 

Myhmanlar däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar, şunda olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn durmuş-ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. 

Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki zaman taryhy şertlerde iki ýurt hem däp bolan dostluk gatnaşyklaryna özara ygrarlydyklaryny, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmalary görkezýärler. Türkmen-ýapon gatnaşyklary köptaraplaýyn görnüşde hem, hususan-da, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär we üýtgewsiz häsiýete eýe bolýar. 

Şu gezekki mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, göni işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek meseleleri girizildi. 

Hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlaryna aýratyn üns berildi, şunda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, ylma esaslanýan ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän önümçilikleriň döredilmegine alan ugry hasaba alnanda uly we köptaraplaýyn mümkinçilikler bar. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň mart aýynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly itergi berendigini bellemek gerek, bu ylalaşyklar ýangyç-energetika, ulag, logistika, tehnologiýalary alyşmak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň şu gezekki mejlisinde nebitgaz we nebithimiýa pudaklaryna hem aýratyn üns berildi. Ýaponiýanyň kompaniýalary ammiak we karbamid önümçiligi boýunça Mary şäherindäki toplumyň gurluşygy, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşygy, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligini döretmek, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benziniň önümçiligi boýunça zawod ýaly iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmekde özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. 

Bellenilişi ýaly, bu oňyn tejribeler Türkmenistanyň ýapon korporasiýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny geljekde hem nebit we gazhimiýa ulgamynda täze taslamalary amala aşyrmakda ulanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini şertlendirýär, sebäbi himiýa pudagynda, şol sanda ammiak, karbamid we fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça nobatdaky bilelikdäki kärhanalary gurmakda netijeli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Önümçilik pudaklarynyň ýakyn geljekde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de ösdürilmeginiň ugur edinilmegi, milli ykdysadyýetimiziň täze sepgitlere çykarylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň tapawutly aýratynlygydyr. 

Şeýle hem ulag-logistika we kommunikasiýa ulgamynda, oba hojalygynda we bähbitleriň özara sazlaşýan beýleki ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin has giň mümkinçilikler açylýar. 

Komitetiň mejlisiniň dowamynda taraplar ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem üns berdiler. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty oňyn mysal hökmünde görkezildi, bu ýokary okuw mekdeplerinde Ýaponiýanyň tejribeli mugallymlary işleýärler. Şeýle hem okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýöriteleşdirilen orta mekdepde alnyp barylýan işler bellenildi. 

Mundan başga-da, bu ulgamda mugallymlary, aspirantlary we talyplary alyşmak, uzak aralykdan okuwlary guramak, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek, ylmy maslahatlary guramak, neşir edilýän tehniki edebiýatlary, okuw-usulyýet resminamalaryny alyşmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde düýpli ösüşlere ýetilendigini hem-de yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň uly ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtadylar, şeýle çäreler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge kömek edýär, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ähli ugurlar boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. 

Mejlisiň jemleri boýunça netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.